Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder

Katar 2022-de Dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýanyň ýygyndysy 1/8 finalyň çäginde Günorta Koreýany 4-1 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren Braziliýanyň gollaryny Winisius Junior (7), Neýmar (13 p), Rişarlison (29) hem-de Lukas Paketa (36) derwezä girizdi.

Koreýleriň adyndan bolsa 76-njy minutda uzakdan batly urgy bilen Paýk Syn Ho tapawutlandy. Şeýlelikde, Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy.Braziliýanyň ýygyndysy 68 ýyldan soň 1-nji ýarymda 4 gol geçirdi. 2-nji goly geçiren Neýmar 3 Dünýä Kubogynda tapawutlanan 3-nji braziliýaly futbolçy boldy (Pele, Ronaldo). 76-njy goluny geçiren Neýmar milli ýygyndynyň iň netijeli futbolçysy 77 golly Peläniň rekordyna ýene bir ädim golaýlady. 3-nji goluň pasyny beren Tiago Silwa bolsa 38 ýaş 74 gün bilen Dünýä Kubogynda asist eden iň ýaşuly futbolçy boldy.

Bu ugurda ozalky rekord kamerunly Rojer Milla degişlidi (38 ýaş 42 gün).Braziliýanyň ýygyndysy çärýek finalda Horwatiýa bilen duşuşar.Bu duşuşyk 9-njy dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlar.

Günorta Koreýanyň hem utulmagyndan soň 1 günde Aziýanyň 2 wekili ýaryşdan çykdy. Aziýa yklymynda geçirilýän çempionatda häzirki wagtda aziýaly ýeke topar hem ýok. Günorta Koreýa taryhynda 2-nji gezek çärýek finala çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

Koreýleriň öýlerine dolanmagyndan soň milli toparyň tälimçisi Paulo Bento hem wezipesini taşlady. Ol şeýle netijä sentýabr aýynda gelendigini ýatladyp, bu ýagdaýyň çempionat bilen baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Portugaliýaly hünärmen Dünýä Kubogyny tamamlanan ýygyndylaryň arasynda wezipesini taşlan 4-nji tälimçi boldy. Ondan Meksikanyň argentinaly tälimçisi Herardo Martino, Belgiýanyň ispaniýaly tälimçisi Roberto Martines, Gananyň tälimçisi Otto Addo hem wezipesini taşlady.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy
Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Çempionlar Ligasynda möwsümiň oýunçysy hem-de simwolik ýygyndysy mälim edildi