Braziliýa görülmedik suw joşmalary howp salýar

Braziliýa görülmedik suw joşmalary howp salýar

Braziliýa suwuň astyna gitjege meňzeýär. Ýurduň onlarça şäheriniň köçeleri joşup akýan derýalary ýatladýar. Görülmedik sil joşmalary Braziliýanyň birbada birnäçe ülkelerini basdy. Mysal üçin, Baiiýýa sebitinde bu tebigy betbagtçylygyň taryhda görülmändigi, eýýäm ýigrimiden gowrak heläk bolanlaryň bardygy aýdylýar.

Hadysanyň gurşap alan ýerlerinden 50 müňe golaý adam göçürildi. Ýurduň 72 şäherinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, 37 sany ilatly ýer doly suwa gark boldy. Çabgalar bolsa bir aýdyr, kesilerli däl, sinoptikler munuň golaý günlerde tamamlanjakdygyny wada berýärler. Halas ediş işlerine harbylar çekildi.

Ýene degişli makalalar

Koreýada Sil we Ýer Süýşmeleri Sebäpli Adam Pidalary Artýar
Awstraliýada Kenara Çykan Kitler Halas Edilip Bilinmedi
Gruziýadaky suw süýşgünlerinde heläk bolanlar artdy
Italiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistana barar, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi we beýleki habarlar
Hytaýda hususy fermadan 70-den gowrak krokodil gaçdy
Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär