Britan ensiklopediýasynyň ilkinji neşiri çap edilýär

1768-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Britan ensiklopediýasynyň ilkinji neşiri çap edilýär.Uzak wagtlap ýygnalan iňlis dilli ensiklopediýanyň 1768-nji ýyldaky birinji neşiri hem-de 1771-nji ýyllarda Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgda çap edilen görnüşi üç jilt bolup çykýar.

Ensiklopediýanyň ikinji neşiriniň göwrümi ulaldylyp, soňra 10 jilte ýetirilýär. 1801-1810-njy ýyllar aralygynda çap edilen dördünji neşir 20 jiltden ybarat bolýar. Şeýlelikde, uly göwrümli bu eser ylmy gollanma hökmünde kabul edilip, giňden peýdalanylyp başlanýar.

Internetiň ýaýbaňlanmagy bilen, has dogrusy, 2000-nji ýyldan soňra maglumatlar gorunyň hemmä elýeterli bolmagy bilen ensiklopediýa bolan gyzyklanma azalýar. Şeýlelikde, ylmy gollanmanyň 2012-nji ýyldan soňra çap edilmejekdigi we diňe onlaýn görnüşinde köpçülige elýeterli boljakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ilkinji sürüjisiz awtobus gatnap başlady
Şotlandiýanyň Täze Premýer-ministri Hamza Ýusuf Kasam Edip Wezipesine Başlady
Şotlandiýadaky iki panda Hytaýa dolandy
Şotlandiýanyň birinji ministri işden gitmekçidigini yglan etdi
Çagalykda saz öwrenmek beýnini güýçlendirýär