Britan kompaniýalary Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Britan kompaniýalary Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

13-nji noýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisinde söwda-ykdysady, maliýe hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça meselelere seredilip geçildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Mundan başga-da mejlisiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda britan kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott, şeýle hem JCB Sales Limited kompaniýasynyň Dolandyryjy direktory Den Tompstoun gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Beýik Britaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk iş duşuşygy geçirildi
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI