Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk iş duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda ministrligiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson, bu ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpot we JCB Sales Ltd.

kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Den Tompstoun bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda Beýik Britaniýanyň UK Export Finance eksport-karz agentliginiň ätiýaçlandyrmagynda ABC International Bank PLC britan bankynyň maliýeleşdirmegi bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň zerurlyklary üçin JCB Sales Ltd.

kompaniýasynyň suw hojalyk tehnikalaryny satyn almak barada öňden berlen täjirçilik tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan JCB-niň sebitleýin merkezini açmaga isleg bildirýär
Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär
Britan kompaniýalary Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär
Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Türkmenistan we Beýik Britaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler