Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady

Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady

Beýik Britaniýada Derman serişdelerini we lukmançylyk harytlaryny düzgünleşdiriji agentlik (MHRA) monoklonal antibedenjikleriň esasynda koronawirusa garşy Sotrowimab derman serişdesini tassyklady. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berýär. Muny Day.Az ýetirýär.

Kliniki synaglaryň netijesine görä, derman serişdesiniň bir dozasy simptomatik ýokançlyklary bolan uly ýaşly adamlarda hassahana düşmek we ölüm howpuny 79% azaldýar. MHRA derman serişdesiniň Omicron-a garşy täsirlidigi ýa-da ýokdugy barada aýtmagyň heniz irdigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde işläp taýýarlaýjy kompaniýalaryň biri bolan GSK derman serişdesiniň täze ştamma garşy täsirli bolup biljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Jozef Baýden ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişdi
Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde öz işine girişdi
Keýlor Nawas CONCACAF boýunça onýyllygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi
ABŞ “Talybanyň” Aşgabatdaky gepleşiklerine 'ýardam berendigini' ret edýär 
Dünýäniň iň uly buz labirinti
Ýerli spreý waksinanyň şu ýylyň içinde ulanylyp başlanmagy maksat edinilýär