Britaniýada  Monarhiýa Garşy Protest Geçirildi

Britaniýada  Monarhiýa Garşy Protest Geçirildi

Britaniýanyň Şasy Çarles 3-nji “İňlis millet jemgyýetiniň güni” mynasybetli düýn paýtagt Londonyň Westminster Abbeý buthanasynda ganaşan dabarasyndan öň butgahananyň öňünde jemlenjeş demonstrantlar, monarhiýanyň bes edilmegini talap edip, aksiýa gurady.

“Respublika” atly monarhiýa garşy kampaniýa toparynyň guran aksiýasyna gatnaşanlar, ellerinde “Şa maşgalasy rasist”, “Şalygy bes edilmeli”, “Şa maşgalasyny kowun” ýazylan şygarlary göterdiler.

Protest aksiýasyna gatnaşan “Respublika” toparynyň Başlygy Graham Smit beren beýannamasynda; “Bize, ählimiziň raýatlyk derejesinde we hiç kimiň kanunlarda ýokarda bolmadyk döwrebap, azat we adyl demokratiýa hökmünde wekilçilik edilmeli” diýdi.

Monarhiýanyň ýurduň abraýyna zyýan ýetirýändigini nygtan Smit, monarhiýanyň “Britaniýany taryhy taýdan geçmişde galan” hökmünde görkezýändigini beýan etdi.

Smit; “6-njy maýda geçiriljek täç geýinme dabarasynyň ýerine saýlaw geçirilmeli we Britaniýanyň Şasy Çarlesiň ýerine başgas saýlanmaly” diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
“Lester Sitiniň” öňki we soňky tälimçileri
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy