Smit paýtagt Londonda guralan 6-njy Kipr Türk medeniýet festiwalynyň çäginde Britaniýada ýaşaýan kiprli türk jemagatyna wideo ýüzlenme ugratdy.
Halk deputaty Smit ýüzlenmesinde DKTR-na gönüden uçar gatnawynyň başladylmagy üçin çagyryş edip; “İňňän ýeňil bolan bu meseläni çözüp, çözmejekdigimizi görmek üçin hökümet bilen gepleşikleri dowam etdirerin we şol ugurda tagalla edilmeli” diýdi.
Britaniýanyň DKTR-ny garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmeýändigi sebäpli gönüden uçar gatnawy guralmaýar.
Britaniýada ýaşaýan kiprli türkler, Türkiýäniň ýa-da adanyň grek böleginiň üstünde ýurtlaryna uçmaly bolýarlar.
Kiprli türkler, ozalam birnäçe gezek Britaniýadan DKTR-na gönüden uçar gatnawynyň guralmagy üçin “DKTR-na gönüden uçuşlara rugsat beriň” atly gol ýygnama kampaniýasyny başladypdy.