“Britaniýanyň Harby Goşuny Söweşe Taýar"

“Britaniýanyň Harby Goşuny Söweşe Taýar"

Britaniýanyň Baş ştabynyň başlygynyň orunbasary general-leýtenant Rob Magowan, Russiýanyň Gündogar Ýewropa hüjüm guran halatynda degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini nygtap, “Britaniýanyň harby goşuny söweşe taýar” diýdi.

Britaniýanyň Goranmak ministri Jon Hili bilen general-leýtenant Rob Marowan, Parlamentiň goranyş komitetinde soraglara jogap berdi.

Ministr Hili, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda Lordlar we Awam Kamarasynyň agzalaryna maglumat berlendigini, Russiýanyň demirgazyk koreýali 10 müňe golaý esgeri Ukraina garşy söweşdirýändigini belledi.

Hili, Russiýanyň ýadro howpuna garşy goranyş bujetini milli girdejiniň 2,5 göterimine çykarylmagynyň ähmiýetini nygtady.

Britaniýanyň Baş ştabynyň başlygynyň orunbasary general-leýtenant Rob Magowan “iňlis goşunynyň şu gije şöweşilmegi islenen halatynda biz şu gije söweşeris. Eger ruslar şu gije Gündogar Ýewropa garşy hüjüm guran halatynda biz olara garşy söweşeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
Jimmi Karter aradan çykdy
Tramp: ABŞ Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltse hüjüm eder