BSG-nyň Türkmenistandaky täze direktory ýurdy temmäki ulangmagy düzgünleşdirmekde öwdi

Daşary işler ministr Reşit Meredow 11-nji iýunda Bütindünýä Saglygy saklaýyş guramasynyň ýurtlar boýunça edarasynyň täze direktory, doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy.

Karwowskanyň bellemegine görä, Türkmenistan temmäki önümleriniň ulanylyşyny düzgünleşdirmekde düýpli üstünlik gazandy we temmäki tüssesinden azat gurşawy döretmek ugrunda tagalla edýär diýip, ýurduň DIM-ligi habar berýär.

Şeýle-de, “Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreş çäreleri üçin berk binýadyň döredilendigi” bellendi.

Ýatladýarys, Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 16-njy aprelinde çilimkeşlige garşy göreşmegiň 2017-2021-nji ýyllar boýunça programmasyny tassyklady. Ol Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmeli.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-i BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň we BSG-niň täze wekilleri bilen duşuşdy
28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn Asyr Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaý bilen tanyşdy
Berdimuhamedow halkara guramalarynyň wekillerine “Altyn asyr” kölüni görkezdi (foto)
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
23.09.2019 | Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar