BSGG hepdede näçe sagatdan artyk işlemegiň howpludygyny anyklady

BSGG hepdede näçe sagatdan artyk işlemegiň howpludygyny anyklady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri yzygiderli artyk işlemegiň howpludygy barada duýdurýarlar. Iş wagtyndan daşary edilen işiň zyýany barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) we Halkara zähmet guramasy (HZG) tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Hasabatda howply çägiň hepdede 55 iş sagadydygy bellenilýär. Şondan soň işçide saglygy bilen bagly näsazlyklar ýüze çykyp biler.

Hasabatda 2016-njy ýylda 398 müň adamyň insultdan we 347 müň adamyň ýürek keselinden ýogalandygy bellenilýär.Bu ölümleri gurama artyk işlemek bilen baglanyşdyrýar.Hünärmenler artyk işlemegiň, esasan, erkek adamlaryň saglygyna güýçli täsir edýändigini belleýärler, çünki ähli ölümleriň 72%-i olaryň paýyna düşýär. Şol bir wagtyň özünde, köp işleýän adamlaryň sany köpelýär we häzirki wagtda dünýä ilatynyň 9%-ni emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär
BMG 2022-nji ýylda dünýäde 207 mln işsiziň boljakdygyny çaklaýar
BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy
BMG: zeminiň ýaşaýjylarynyň ýarsyndan gowragy üçin durmuş goraglylygy elýeterli däl
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi