BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär

BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Ghebreýesusyň “MW Hondius” ýolagçy gämisinde hantawirusyň ýüze çykmagyndan soň gäminiň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegine gözegçilik etmek üçin Ispaniýa gitmegine garaşylýar.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Ghebreýesus saparynyň çäginde wirusa garşy degişli çäreleriň görülmegi üçin Ispaniýanyň Saglygy goraýyş we Içeri işler ministri bilen duşuşar.

Epidemiýa sebäpli gollandiýaly är-aýal bilen germaniýaly bir zenan ýogaldy. Ady agzalýan Andes wirusy bir adamdan beýleki adama ýokaşýar, emma ýokaşma derejesiniň pesdigi sebäpli halkyň saglygy taýdan beýle howply bolmandygy nygtaldy.

150 ýolagçysy bolan Gollandiýanyň baýdagyny göterýän “MW Hondius” gämisiniň ýekşenbe güni Kanarýa adalaryna gelmegine garaşylýar.

Ýolagçylar ýörite uçarlar bilen ýurtlaryna yzyna ugradylar. ABŞ-nyň raýatlary bolsa Nebraskada karantine alynar.

Howpsuzlyk sebäpli gäminiň porta gelmegine rugsat berilmedi. Ýolarçylar kiçi gämiler bilen porta getirler.

Ýene degişli makalalar

Milli Motosikl Sürüjisi Ispaniýada Uly Üstünlik Gazandy
Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär