Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini bilýän ýaşlar kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi netijesinde ýaş türkmenistanlylar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary golaýda birnäçe halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyza medally dolanyp geldiler. Şu ýylyň aprel aýynyň 30-y maý aýynyň 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi.

Bu abraýly olimpiada dünýä döwletleriniň 21-sinden zehinli okuwçylaryň 113-si, şol sanda Türkmenistandan saýlanan topar gatnaşdy.Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Begzada Annaýew kümüş, şeýle hem 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew hem-de 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa bürünç medal gazandylar.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary golaýda Litwanyň Wilnýus şäherinde geçirilen

VILIPO 2023 atly halkara taslama bäsleşiginden dört medal bilen dolanyp geldiler.Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamuhammet Muhammedow bäsleşigiň baş baýragyna altyn medala, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mahmyt Mahmudow altyn, dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Orazgül Kulyýewa bilen Aýnur Begliýewa bolsa kümüş medallara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan okuwçylar we olaryň mugallymlary döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýjennet AŞYRMYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijileri belli boldy
Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany