Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy we Talyban hökümetiniň Saglyk ministriniň Ženewada duşuşygy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy we Talyban hökümetiniň Saglyk ministriniň Ženewada duşuşygy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň Saglyk ministri bilen duşuşygynda ýurtdaky saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna alada bildirdi.

Owganystanyň ykdysady we saglyk infrastrukturasynyň weýran bolmagy, ABŞ-nyň tarapyndan Owganystanyň emläkleriniň doňmagy we sanksiýalaryň girizilmegi owganlary howply we saglyksyz ýagdaýa salandyr. Şondan soň halkara guramalary we forumlary Owganystandaky garyplygyň, açlygyň we lukmançylyk edaralarynyň ýoklugynyň netijeleri barada duýduryş bermegi dowam etdirýärler.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanum anna güni Ženewada Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň saglyk ministri Qalandar Ebad bilen duşuşygynda saglyk ýagdaýy we Owganystandaky gumanitar krizis barada pikir alyşandygyny habar berdi.

Tedros Adhanum şeýle-de Owganystanda saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermek henizem kyn we bu ýurtdaky gumanitar krizis adamlaryň janlaryna howp salýar diýdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy iki tarapyň Owganystanyň saglyk zerurlyklaryny we lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagy, esasanam aýallaryň bu ugurdaky esasy ornuny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň saglygy goraýyş ministri Qalandar Ebad, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen Owganystana ynsanperwer kömegini bermek barada maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Owganystan ynsanperwerlik krizisine duçardyr we olara kömek etmekde gijä galmak düzedip bolmajak zyýana getirip biler.

Şeýle-de bolsa, çap edilen maglumatlara görä Owganystanda millionlarça adam, esasanam çagalar, ýeterlik iýmitlenmezlik bilen ýüzbe-ýüz bolup, bu ýurduň indiki nesliniň saglygyna çynlakaý howp salýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy
Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler
Eýranyň mejlisi işlerine arakesme berdi