Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler

Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary twitter arkaly eden çykyşynda günbatarlylaryň Ukraina krizisinden sapak almalydygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Günbataryň Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna biperwaý garamagyny tankytlap, öz ýurdunyň Donbasda Donetsk we Luhansk garaşsyzlygyny ykrar edýändigini aýtdy.

Şeýle hem Putin penşenbe güni irden telewideniýede eden çykyşynda Russiýanyň Donbasda Ukrainany ýaragsyzlandyrmak üçin "ýörite harby operasiýa" geçirýändigini we bu territoriýany basyp almak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Twitter sahypasynda Ýewropanyň gündogar bölegindäki krizis sebäpli maliýe bazarlarynyň çökmegi we energiýa bahalarynyň düýpgöter ýokarlanmagy gündogar ýarym şarda ähli görnüşlerdäki durnuksyzlygyň we howpyň Günbatar bähbitlerine uly zyýan ýetirjekdigini görkezdi diýip ýazypdyr.

Şamhani şeýle-de Ukrainadaky krizisiň sapak bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian twitter arkaly Ukrainadaky krizisiň Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) öjükdiriji hereketlerinden gelip çykandygyny ýazdy.

Amir Abdullahian şeýle-de, urşa ýüz tutmagyň Ukraina krizisiniň çözgüdi däldigini aýtmak bilen ot açyşlygyň bes edilmeginiň we syýasy we demokratik çözgüdiň jemlenmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy
Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy we Talyban hökümetiniň Saglyk ministriniň Ženewada duşuşygy
Eýranyň mejlisi işlerine arakesme berdi