Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş müdiri wezipesine ilkinji gezek zenan maşgala saýlandy

Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş müdiri wezipesine ilkinji gezek zenan maşgala saýlandy

Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşiniň —GAVI-niň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň ilkinji zenan baş müdiri boldy.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň twitter sahypasynda berlen beýana görä, düýn Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşi tarapyndan geçirilen ýörite ýygnakda 66 ýaşyndaky afrikaly zenan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň täze baş müdiri wezipesine bellenildi.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň ilkinji zenan baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala şu ýylyň 1-nji martynda işe başlar we 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli bu wezipede gulluk eder.

Ngozi Okonjo-Iweala şu wagta çenli dürli wezipelerde — Nigeriýanyň Maliýe ministri, Daşary işler ministri we Bütindünýä bankynyň dolandyryjy müdiri bolup işledi. Häzirki wagtda bolsa, Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşine (GAVI) ýolbaşçylyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Ikinji möhlete saýlandy
26.04.2018 | Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Günorta Afrika Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
Ilkinji gezek zenan ýolbaşçylyk eder