Ilkinji gezek zenan ýolbaşçylyk eder

Bütindünýä söwda guramasyna ilkinji gezek zenan ýolbaşçylyk eder. Dalaşgärlerden biri Koreýa Respublikasynyň söwda ministri Ýu Mýon Hi. Onuň bilen Nigeriýanyň maliýe ministri Ngozi Okonjo-Iweala bäsleşer.

Jemleýji tapgyra çykan zenanlaryň ikisi-de ýokary hünärli. Hemmeler razy. Zenanlar ilkibaşdan bizde oňat täsir galdyryp, möhüm meseleleri çözmekde baý tejribeleri bar diýip, guramanyň metbugat sekretary Kit Rokwell aýtdy.

2013-nji ýyldan bäri BSG-niň başlygy wezipesini braziliýaly Roberto Azewedo eýeläp gelýärdi. Ýöne ol maý aýynda möhletinden bir ýyl öň işinden çekiljekdigini habar berdi. Onuň BSG-däki iň soňky iş güni 31-nji awgustda boldy. Azewedo maşgala ýagdaýy sebäpli şeýle karara gelmeli bolandygyny aýtdy.

Mýon Hi 1967-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ulsan şäherinde dünýä indi. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň söwda ministri wezipesini eýeleýär. Mýon Hi ýurtda bu wezipäni eýelän ilkinji zenandyr.

Okonjo-Iweala bolsa, 1954-nji ýylda Nigeriýanyň Ogwaşi-Uku şäherinde dünýä indi. BSG-niň internet sahypasynyň habaryna görä, ol Nigeriýanyň maliýe ministri, daşary işler ministri we bütindünýä bankynyň dolandyryjy müdiri bolup işledi.

Ýene degişli makalalar

Ikinji möhlete saýlandy
26.04.2018 | Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Günorta Afrika Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş müdiri wezipesine ilkinji gezek zenan maşgala saýlandy