Bugdaý plany doldurylan Türkmenistanda pagtaçylar tehnika, dökün we suw ýetmezçiliginden kösenýär

Bugdaý plany doldurylan Türkmenistanda pagtaçylar tehnika, dökün we suw ýetmezçiliginden kösenýär

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň bugdaý planyny doldurandygyny habar beren mahalynda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gowaça eken daýhanlaryň gözgyny ýagdaýdadygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler. “Ähli üns gallanyň gowy hasylyny almaga gönükdirildi.

Gowaça eken daýhanlara hiç hili üns berilmedi diýsek-de boljak.Olar tehnika bilen üpjün edilmeýär.Gowaça meýdanlarynyň aglabasynda häzirki güne çenli diňe bir gezek kultiwasiýa işleri geçirildi.

Müňlerçe gektar gowaça meýdany zerur oba hojalyk tehnikalary, dökün we suw bilen üpjün edilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren habarçysy 1-nji iýulda gürrüň berdi.Habarçy şeýle kynçylyklary, hususan-da, Daşogzuň Ýylanly, Ruhybelent we Görogly etraplarynyň hem-de Lebabyň Darganata we Dänew etraplarynyň kärendeçileriniň başdan geçirýändigini belleýär. “Döwlet oba hyzmat edarasynyň tehnika üpjünçiligi tas nola deň.

Bu edaranyň işgärleri kärendeçilere hiç hili kömek berip bilmezliginiň sebäplerini “МТЗ 80” kysymly traktorlaryň hatardan çykan tekerleriniň her biriniň bahasynyň 25000 manada durýandygyny aýdyp, munuň üçin döwletde puluň ýokdugy bilen düşündirýärler” diýip, onlarça pagtaçy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky bölümleri bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler. Şol günler resmi media ýurtda gowaça ekişine badalga berlip, munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi barada reportažlar görkezen mahalynda, lebaply kärendeçiler oba hojalyk tehnikalarynyň üpjün edilmeýändiginden we ekişiň gijä galmagyndan kösenýändiklerini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylaryna gürüň beripdiler. “Aradan 10 gün diýen ýaly wagt geçdi.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly häkimiýetler ýene perwaýsyzlyk edýärler.Traktor ýetmeýär.Ekiş ýene gijä galýar.Bu ýyl hem geçen ýylky ýagdaý gaýtalanýar, hatda öňküden hem erbet.Plan borçnamany dolup bilmeris diýip, alada edýäris” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply daýhanlaryň biri aýdypdy. Şeýle-de, şonda ýurduň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda hususy eýeçilikdäki traktorlaryň işe çekilýändigi, ýöne munuň üçin traktor eýelerine töleg tölenmeýändigi hem habar berildi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bahar aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlar Ahal we Mary welaýatlarynda gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy.Aprel aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ençeme kärendeçi silde zaýa bolan gowaça ekinlerini täzeden ekmeli bolýandyklaryny aýdypdylar.

Bu habarlaryň fonunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň çar künjegine gelen siliň oňaýsyz täsirini agzamazdan, döwlet resmilerinden “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi” birnäçe gezek talap etdi.

Berdimuhamedow bu barada 29-njy aprelde we 2-nji maýda geçirilen hökümet maslahatlarynda çykyş etdi.Döwlet metbugatynyň 24-nji martda çap eden habaryna görä, şu ýylky pagta ekişi möwsüminde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylýar. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bu aýdylanlaryň köplenç iş ýüzünde amal edilmeýändigini, ekiş üçin zerur bolan şertleriň üpjün edilmegi üçin käte özleriniň hepdeläp garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, geçen ýylda bolşy ýaly ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer
Lamborghini-niň esaslandyryjysy Awtoulag şöhrat zalyna girizildi
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi
Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär
Türkmenistanda agyz suwunyň uly ýatagy tapyldy, ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy, Aşgabatdan Moskwa ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy: geçen günleriň esasy wakalary