Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi

Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi

Baýeriň we Eýranyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Serdar Azmun türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny dogrusynda gürrüň berdi. Azmun bilen söhbetdeşlik Kolos YouTube kanalynyň habarçysy tarapyndan geçirildi.

27 ýaşly Azmun 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Zenitden Baýer Liwerkuzene geçipdi. Oýunçynyň nemes kluby bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Serdar Azmuny Eýranda görüp, Russiýa getiren hut Gurban Berdiýewiň özüdir. Azmun hem edil Berdiýew ýaly etniki türkmen. Serdar türkmen dilini çagalykdan bilenden soň, oňa baş tälimçi bilen söhbetdeş bolmakda kynçylyk ýokdy.

Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine 19-njy iýunda bellendi. Toparda Türkmenistandan gelen tälimçiniň ussatlygyny hem-de Russiýanyň Rubin we Rostow toparlary bilen gazanan üstünliklerini ýokary bahalandyrdylar. Berdiýew diňe bir baş tälimçi däl, eýsem tehniki direktorlygyda hem bellendi, ýagny ol toparyň ähli futbol gurluş ulgamyny (infrastrukturasyny) dolandyrar.

Gurban Berdiýew bir eýran toparynyň ýolbaşçysy boldy. Rus metbugatynda oňa iş tapmaga siziň kömek edeniňiz barada habarlar ýaýrady. Bu hakykatmy?

Serediň, men oňa Traktora geçmäge kömek etdimmi? Hawa. Ýöne men ony topara teklip etmedim. Bu dogry däl. Oňa toparyň özi tälimçiligi teklip etdi. Ol bolsa meniň maslahatymy sorady. Men Eýranly, galyberse-de ol maňa ynanýar. Şeýdip, ol menden käbir zatlary anyklady. Men oňa Traktor hakda diňe gowy zatlary aýtdym, ol hem Eýrana gitmek kararyna geldi. Bar bolan zat şu.

Diýmek siz henizem Eýranyň futbol çempionatyny yzarlaýarsyňyzmy?

Traktor meniň Eýranda iň halaýan toparym.

Berdiýew bilenem aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy?

Hawa, ýakynda biz duşuşdyk, gürleşdik. Ol örän gowy adam. Ol meniň futboldaky atam. Men indi onuň Eýranda işlejekdigine begenýärin.

Futbol oýny, transferler bilen bagly​​ meselede henizem ondan maslahat soraýarsyňyzmy?

Ol meniň alýan ähli tekliplerimden habarly. Ýöne nirede oýnajagymy diňe özüm çözýärin. Öz ýagdaýlarymy kakama, ejeme ýa-da başga birine görä özüm has gowy bilýärin. Ýöne, elbetde, kyn ýagdaýym bar bolsa, ilki bilen Gurban Berdiýewe ýüz tutýaryn.

Geçen tomus Baýer hakda soranyňyzda, ol size näme diýdi?

Gowy, hemme zat dogry diýdi.

Baýere geçmegiňizde onuň täsiri nähili?

Onuň hiç hili täsiri ýok. Ol diňe goldady diýip, Azmun söhbetdeşliginde belledi.

Ýene degişli makalalar

Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Gurban Berdiýew Traktoryň ýolbaşçylaryndan rugsat sorady
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Gurban Berdiýew näme üçin Eýran toparyny saýlandygy barada gürrüň berdi
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy