Buharada Arşyň nepisligi — türkmen halysy atly halkara maslahat geçirildi

Buharada Arşyň nepisligi — türkmen halysy atly halkara maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Buhara şäherinde Arşyň nepisligi — türkmen halysy atly halkara maslahat hem-de türkmen halylarynyň sergisi geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berdi.

Halkara maslahata Özbek-türkmen medeni merkeziniň wekilleri, halyşynaslar we halyçylar, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Özbegistana baran türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Sungaty öwreniş institutynyň kafedra müdiri, professor Elmira Gül, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg Sungat institutynyň professory Ýelena Sareýewa, Türkmenistan-Russiýa dostluk jemgyýetiniň başlygy Gülabat Amandurdyýewa, köp ýyllardan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Merkezi Aziýa halklarynyň milli gymmatlyklaryny, hususan-da, türkmen halylaryny köpçülige tanyşdyrmakda iş alyp barýan Beýik Britaniýanyň Haly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary Malen Lýunberg, Buhara şäherinde türkmen halylaryny öndürmek bilen meşgullanýan SD Turkmen haly kärhanasynyň esaslandyryjysy, telekeçi Solmaz Jumaýewa hem-de Buhara döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Garýagdy Jumaýew dagy çykyş etdiler.

Olar öz cykyşlarynda türkmen halylarynyň taryhy, bu sungatyň häzirki ýeten derejesi we türkmen halylarynyň dünýä ýüzündäki abraýy dogrusynda gürrüň etdiler.

Telekeçi Solmaz Jumaýewa öz çykyşynda SD Turkmen haly kärhanasynyň alyp barýan işleri, häzirki wagtda bu ýerde gyz-gelinleriň 40 sanysynyň zähmet çekýändigini gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Arşyň nepisligi — türkmen halysy halkara maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halylarynyň sergisi bilen hem tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Çawuşogly Döwlet Senasynyň Kabul Edilen Gününi Gutlady
24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi