Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy

Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy

Gresiýanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri Pablo Pikassonyň we Pit Mondrianyň 2012-nji ýylda Gresiýanyň iň uly muzeýinden Afina kartina galereýasyndan ogurlanan suratlaryny tapdylar. Bu barada “Proto tema” grek gazeti habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, gürrüň meşhur ispan suratkeşi Pablo Pikassonyň “Aýalyň kellesi” kartinasy we Wasiliý Kandinskiý hem-de Kazimir Malewiç bilen bir wagtda abstrakt şekillendirişiň düýbüni tutan niderlandiýaly suratkeş Piter Kornelis (Pit) Mondrianyň “Ýel degirmeni” suraty barada gidýär.

Suratlar Gresiýanyň uly bolmadyk Kerateý şäherinde ýerasty gizlin ýerde tapyldy.Gazetiň ýazmagyna görä, polisiýa işgärlerine suratlaryň ogurlanmagyna gatnaşmakda aýyplanýan adamy hem tutmak başartdy.Ol 49 ýaşly grek bolup çykdy.

Onuň suratlary gara bazarda satmak maksady bilen daşary ýurda çykarmagy meýilleşdirendigi çak edilýär. Şeýle-de bolsa, onuň bu synanyşygy şowsuz tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
TG.Modern.Art galereýasy döwrebap sungat eserleriniň ajaýyp nusgalaryny hödürleýär
Pikassonyň kartinasy satylar
Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy