Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Jöhit ýaşaýjylar, Aksa metjidiniň garşysynda ellerinde spirtli içgili çüýşeler bilen tans edip, metjidiň howlusynda talmud dessuryny ýerine ýetirdiler.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Agnes Kallamard: "ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň Mirasdar şazadasy Muhammed bin Selmany Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli jezalandyrmazlygy howply" diýip belledi.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): BAE-niň Ysraýyldaky ilkinji ilçisi hökmünde bellenen Muhammed Mahmud Al Haja ynanç hatyny Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwline gowşurdy.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Sudan: Sudanyň port şäheri bolan Port Sudan atly şähere ABŞ-a degişli esmines gämisi geldi.

Le Figaro: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, şu gün agşam Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolar.

Le Soir: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, şu ýylyň ahyryna çenli koronawirus dolulygyna ýok bolmaz.

Le Monde: Kowid-19: Ýewropa Komissiýasy şu aýyň içinde Sanjym pasporty taslamasyny hödürlär.

Deutsche Welle: Germaniýada koronawirus bilen bagly girizilen çäklendirmelerden soň dellakhanalara gyzyklanma artdy.

Tagesschau.de: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, koronawirusyň ýokanç derejesi dünýä derejesinde artýar.

TASS: Reuters agentligi ABŞ-nyň 2-nji martdan başlap oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň ýagdaýy sebäpli Russiýa garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizip biljekdigini habar berdi.

Kommersant Gazedi: Ukrainanyň tebigy gaz kärhanasy Naftogaz kärhanasynyň başlygy Andreý Kobolew, Ukrainanyň Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň tamamlanmagyna garşy taýarlyklydygyny mälim etdi.

Wedomosti: Russiýanyň wise-premýeri Tatýana Golikowa, Russiýada koronawirusa garşy umumy immunitediň awgust aýynda bolup biljekdigini belledi.

El Mundo: Ispaniýada rep aýdymçysy Pablo Haseliň tussag edilmegine garşy geçirilen protestlerde zorluklaryň artmagynda, sosial medianyň üsti bilen jemlenişen ýaşlaryň hepdäniň ahyrynda Kataloniýa sebitine gitmekleri täsirli boldy.

TeleSur: Perunyň prokuraturasy ýurdyň ozalky Döwlet baştutany Alberto Fuhimori we ülkäniň ozalky üç Saglygy goraýyş ministrine garşy günäkärlemeleri we şikaýatlary resmileşdirdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna iberilmeginiň “öňüni baglaýar”
“Naftogaz” “Gazpromyň” türkmen gazyny goýbermegini talap edýär
“Naftogaz” “Gazpromyň” türkmen gazyny goýbermegini talap edýär
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn