Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy, merkezi ABŞ-da ýerleşýän Moderna derman kärhanasy bilen jemi 300 million doza Kowid-19 sanjymynyň satyn alynmagy bilen bagly ylalaşyk baglaşdy.

Deutsche Welle: NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahaty ABŞ-da geçirilen saýlawdan soň ilkinji gezek geçirilýär.

Handelsblatt: Ýewropanyň awtoulag pudagy koronawirus epidemiýasy sebäpli kyn tapgyrdan geçýär.

Le Parisien: "Aýralykçy" kanun taslamasy: Serhetsiz habarçylar, Fransiýanyň senadyna metbugat azatlygyny kepillik astyna almagy barada çagyryş berdi.

Le Monde: Yslamjy Çepçilik: Fransuz Ylmy-derňew Milli merkeziniň habar bermegine görä: "Bu söz hiç hili ylmy hakykata bap gelmeýär". Ýokary okuw jaýlar we ylmy-derňewler ministri Frederik Widal bolsa basyş astynda. (Bellik: Frederik Widal uniwersitetlerde yslamjy çepçilik bilen bagly derňew işini başladypdy).

Le Figaro: Ýewropalylar we Amerikalylar Eýranyň ýadro ylalaşygynyň halas edilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar.

El Pais (Ispaniýa): Rep aýdymçysy Pablo Haseliň, tussag edilmegine garşy geçirilen protestler düýn Madrid şäherine ham ýaýrady.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Halk saglygy goraýyş komissiýasy, 45 bilen 55 ýaş aralygyndaky raýatlara AstraZeneka kärhanasy tarapyndan öndürilen sanjymyň edilmegini maslahat berdi.

Infoabae (Argentina): Pan Amerikan Saglygy goraýyş guramasy, Wenesuelada Kowaks programmasyndan Kowid-19 sanjymlaryny almak üçin 18 million dollar öňünden pul geçirmelidigini habar berdi.

Al Jazeera: Ençeme wagt soň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň arasynda ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Al-Raýa (Katar): Türkiýedäki Syýahatçylyk fermalary syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Al-Kuds Al-Arabi: BAE-nyň Ysraýyldaky ilçisi iwrit dilinde atan twiti bilen ilçihananyň Twitter hasabyny açdy.

Kommersant: Ukrainanyň tebigy gaz kärhanasy "Naftogaz"-yň başlygy, Demirgazyk Akym 2 tebigy gaz geçirilji turba taslamasynyň gurluşygynyň bes edilmeginiň ukrainalylar üçin örän möhümdigini beýan etdi. "Naftogaz"-yň başlygynyň habar bermegine görä, taslamanyň tamamlanmagy Ukrainany Russiýanyň eden-etdiliklerine garşy has hem goragsyz ýagdaýa getirer.

RIA Nowosti: 2021-nji ýylda 30-dan gowrak rus banky ygtyýarnamasyny elinden aldyryp biler.

TASS: Moskwa Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň tussaglykda bolan oppozisioner syýasatçy Alekseý Nawalnyýnyň iň tiz wagtda azat edilmegi baradaky talabyny Russiýa Federasiýasynyň içerki işilerine goşulmak hökmünde häsýetlendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Wenesuela garşy hüjüm etdi
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy