Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Türkiýe bilen täze bir bosgun ylalaşygynyň baglaşylmagynyň tarapdarydygyny beýan etdi.

Bild.de: Täze koronawirus derňewi, PCR testleriniň syýasy öňüni alyş üçin bir esas kabul edilmejekdigini orta goýdy. Duýsburg/Essen uniwersitetleriniň geçiren derňew işleriniň netijesinde her položitel wakanyň wirusy ýaýradýandygy baradaky öňe sürmäni tassyklap bilmedi.

Spiegel.de: Beýik Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmagy bilen birlikde bu ýurtda ýaşaýan ÝB raýatlary, Britaniýada ýaşaýyş rugsatnamasyny alyp bilmek üçin çäre gözleýärler.

Al-Watan (Katar): Liwanyň Prezidenti Mişel Awn, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrelli kabul etdi.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Arap Bileleşigi koronawirus epidemiýasynyň bosgunlaryň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak üçin tagallalaryň artdyrylmagy barada çagyryş berdi.

Al-Watan (Oman): Arap ýurtlarynyň Maglumatlar ministrleri Müsüriň paýtagty Kair şäherinde maslahat geçirýärler.

Le Monde: Fransiýada 2021-nji ýyl sebitleýin saýlawlar: Ilkinji tapgyryň netijeleri, Emmanuel Makronyň we Marin Le Peniň prezidentlik strategiýalaryny gowşatdy.

Le Figaro: Fransiýanyň Bordo şäherinde 2 sany bina çökdi. Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýaralandy.

Le Parisien: Kovid-19: Şu gün Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, diskotekalaryň ýaňadandan açylmagy babatynda maslahat geçirer.

Ria Nowosti: Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitri Kuleba, Russiýa Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary Baýraktar bilen hemle atdy.

Izwestiýa: Ak tamyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jek Salliwan, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussaglygy sebäpli Russiýa garşy girizilen täze sanksiýalar tapgyryny aýan etdi.

Gazeta.ru: Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitri Kuleba, Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, NATO-nyň 2008-nji ýyldan bäri Ukrainanyň NATO agza bolup bilmegi üçin hiç zat etmändigini habar berdi.

Infobae (Argentina): Kuba "Soberana 02" atly sanjymyň deslapky derňewlerinde Kowid-19-a garşy 62 göterim täsirlidigini aýan etdi.

Telesur (Wenesuela): Eýran, Giňişleýin bilelikdäki hereket meýilnamasyny ýaňadandan durmuşa geçirmek üçin gerek bolan resminamalara eýedigini öňe sürdi.

El Uniwersal (Meksika): ABŞ Meksika we Kanada serhetlerindäki çäklendirmeleriň möhletini 21-nji iýula çenli uzatdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn