Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Watan (Oman): Braziliýaly alymlar koronawirus epidemiýasynyň retina ýetip biljekdigi barada duýduryş berýärler. Mundan başgada wirusyň sanjymlara çydamly görnüşiniň ýüze çykmagyna alada bildirilýär.

Al-Zeman (Yrak): Resmi Tähran özüne garşy guraljak islendik hüjüme jogap bermek bilen hemle atýar.

Al-Raýa al-Katariýa (Katar): Nosoroglar ýok bolmak howpunyň astynda.

Spiegel.de: Germaniýada 12 ýaşyndan uly çagalar hem koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym bolup bilýärler.

Deutsche Welle: Germaniýadaky kärhanalar öz işgärlerine Kowid-19 sanjymy mejburylygyny ýola goýmagy meýilleşdirmeýär.

Handelsblatt.de: Germaniýada öndürijiler we müşderiler dizel ýangyjyndan ýüz öwürýärler. Dizel bilen işleýän ulaglaryň umumy bazradaky paýy 20 göterimden hem aşaklap, taryhyň iň pes görkezijisine eýe boldy.

El mundo (Ispaniýa): Alymlar Ardales gowaklarynda dünýäniň iň gadymy we Neandertallara degişlidigi anyklanan suratlar tapdylar.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada 20 ýaşdan ýokary bolan adamlaryň ýarsyndan gowragy koronawirus epidemiýasyna garşy 1-nji doza sanjymlaryny etdirdiler.

El Nasional (Wenesuela): Wenesuelada koronawirus epidemiýasyna garşy sanjymlama tapgyry kesgitlenen meýilnama laýyklykda däl.

Le Figaro: Kowid-19: Fransiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda 51 adam ýogaldy, 1232 adam bolsa hassahanananyň agyr keselliler bölümine geçirildi.

Le Parisien: Liwiýa konferensiýasy: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron täze kömek bukjasyny we liderlere garşy basyş etmek isleýär.

Lenta.ru: Russiýanyň Twer sebitinde başdan geçirilen tupan sebäpli 3 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.

Sport-express.ru: Russiýanyň erkekler boýunça Milli Woleýbol ýygyndysy, Olimpiýa oýunlarynyň çärýek finalynda Braziliýanyň ýygyndysy bilen bäsleşer.

RBK: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy 24 rus diplomadyň ýurdy terk etmekleri baradaky talabynyň sebäbini aýan etdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy diplomatlaryň wiza möhletleriniň dolup barýandygy sebäpli wizalaryny uzatmak üçin ýüz tutup biljekdiklerini, 3 ýylda 1 gezek möhledi uzadylýan wiza möhletleriniň uzadylmagy tapgyrynyň täze bir gollanma bolmandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýanyň beren Leopard tanklarynyň Ukraina barandygy öňe sürüldi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn