Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär

Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) ýazmagyna görä, bu kanunyň baş maksady milli “kiberözbaşdaklygy” goramakdan ybarat bolup durýar: “Resminama strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünini we iş aýratynlygyny kesgitleýär” diýip, resmi habarda aýdylýar.

TDH Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň bähbitlerine ýurtda elektron dolanyşygyndan peýdalanylýandygyny habar berýär.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň garaşsyzlygyny we bähbitlerini goramak üçin, kiberhowplaryň öňüni almak hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek üçin degişli kanunyň kabul edilmeginiň wajypdygyny belläpdir. “Kiberhowpsuzlyk kanunçylygy boýunça halkara komissiýa” toparynyň toplan maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar ýa-da kanunçylyk namalary kabul edilipdir.

Türkmenistanda kiber giňişlik döwletiň berk gözegçiliginde bolup, häzirlikçe onuň goragy, synçylaryň aýtmagyna görä, raýatlaryň internetdäki işjeňliginiň yzarlanmagyndan ybarat bolup durýar. Ýatlasak, ýanwaryň aýagynda Azatlyk Radiosy türkmen hökümetiniň kiber giňişlikdäki işjeňligi we munuň ýurt raýatlaryna ýetirýän täsiri boýunça geçiren derňew işiniň netijelerini çap etdi. 31-nji ýanwarda çap edilen derňewde Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň iki ýerli hususy tehnologiýa kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk edip, Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny we ekspert maglumatlaryny ulanmak arkaly, Internetde ýurt raýatlaryny yzarlaýandygy barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar beripdi.

Bu derňewiň çap edimegi bilen Türkmenistanda häkimiýetler VPN tilsimlerini petiklemek işlerini güýçlendirdi.Galyberse-de, Türkmenistanda Facebook, Twitter, Vkontakte, Instagram ýaly sosial ulgamlar, şeýle-de WhatsApp we Telegram ýaly messenjerler petikli saklanýar.

Türkmenistanyň çäginde ýurt raýatlary Azatlyk Radiosynyň habar saýtyna girmek üçin VPN ulanmaga mejbur bolýarlar.Repressiw ýurtlar barada habarlary çap edýän garaşsyz maglumat serişdelerine digital howpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation şwed guramasynyň iýul aýynda çap eden hasabatyna görä, türkmen häkimiýetleri daşary ýurt habar saýtlaryny hem-de sosial torlary öz içine alýan jemi 133 saýty ýurduň çäginde petikli saklaýar.

Maglumata görä, Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolan döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” kompaniýasy BBC kanalynyň, Reuters habar agentliginiň, “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň, “Habertürk”, “Hürriyet” ýaly türk neşirleriniň, "Deutsche Welle“ (Nemes tolkuny) saýtynyň, Der Spiegel gazetiniň we beýleki köp sanly habar çeşmeleriniň saýtlaryny petikli saklaýar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanda soňky ýyllarda maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatlary hödürleýän ýerli kompaniýalar peýda bolup başlady. Ýerli metbugatda “Türkmen Tranzit”, “Akylly Tilsimat”, “Ussat inžener”, “Imdat Elektronika” ýaly ýerli IT kompaniýalarynyň alyp barýan işleri barada habarlar berlip başlandy.

Arzuw.news saýtynyň habar bermegine görä, ýerli IT kompaniýalary iýunyň başynda Türkmenabatda duşuşyp, kiberhowpsuzlygy maslahat etdiler.SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýt petikli
Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi