Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär

Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär

Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen kompaniýalary 14-nji iýunda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde kiberhowpsuzlygy maslahat eder diýip, hökümete ýakyn habarlary çap edýän arzuw.news saýty habar berýär.Habardan mälim bolşuna görä, “Sanly zamana” atlandyrylýan konferensiýany “Türkmen Tranzit” hojalyk jemgyýeti gurnaýar.

Neşir bu kärhananyň maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk pudagynda ýöriteleşendigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aşgabatda 11-nji iýunda türkmen tehnologiýa kompaniýalarynyň bir nemes kompaniýasy bilen hymatdaşlygy maslahat edendigini habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň “Türkmen Tranzit”, “Akylly Tilsimat”, “Ussat inžener”, “Imdat Elektronika” ýaly ýerli tilsimatçylar Aşgabatda Germaniýanyň “SAP SE” tehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maslahat edipdir.Türkmen resmileri döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda ýurtda dürli pudaklarda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny gaýtalaýarlar.

Beýleki tarapdan, mundan ozal Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanda howpsuzlyk edaralarynyň ýurt raýatlaryny kiber giňişlikde yzarlamakda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar beripdi. Ýatlasak, Azatlyk Radiosy ýanwaryň aýagynda türkmen hökümetiniň kiber giňişlikdäki işjeňligi we munuň ýurt raýatlaryna oňaýsyz täsiri boýunça geçiren derňew işiniň netijelerini çap etdi. 31-nji ýanwarda çap edilen derňewde Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmeleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň iki ýerli hususy tehnologiýa kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk edip, Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny we ekspert maglumatlaryny ulanmak arkaly, Internetde ýurt raýatlaryny yzarlaýandygy barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar beripdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda häkimiýetler ýurt raýatlaryny yzarlamak işleri bilen baglylykda diňe kiber giňişlik bilen çäklenmeýär. 28-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda güýç edaralarynyň wekilleriniň Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň sim kartlaryny we telefonlaryny barlaýandyklaryny habar berdi. 2019-njy ýyla geçip, soňky 5 aýdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda VPN ulgamlarynyň petiklenýändigi barada yzly-yzyna habarlar gelip gowuşdy. Ýanwar aýynyň ortalarynda Türkmenistanda köp sanly VPN ulgamlary, şeýle-de Androidiň Google Play tilsim dükany petiklendi. Ýurt raýatlarynyň ençemesiniň Azatlygyň habarçylaryna aýtmaklaryna görä, bu çäreler ýerli ulanyjlaryň täze VPN indirmek mümkinçiliklerini çäklendirdi.

Munuň yzaýany, tehnologýa habarlaryny çap edýän “Vpncompare” neşiri 15 21-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda Internetden VPN tilsimlerini gözleýänleriň sanynyň 577 % artandygyny habar berdi.Bu maglumatlaryň fonunda, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň maglumat tehnologiýalary pudagynda ýöriteleşen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy barada dürli habarlar peýda bolýar. 20-nji aprelde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýerli “Akylly Tilsimat” hem-de “Imdat Elektronika” kärhanalarynyň gatnaşmagynda Ysraýylyň “Blacksparc” IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň maslahat edilendigini habar berdi.

Türkmenistan SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda, 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär
Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder