Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň Türkmentel — 2023 atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Forum Türkmenaragatnaşyk agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetler gatnaşýar.Olar daşary ýurtlaryň aragatnaşyk we telewideniýe ulgamlary boýunça döwlet düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, täze tehnologiýalary hem-de IT hyzmatlaryny, programma üpjünçiliklerini işläp düzüjiler, şeýle hem aragatnaşyk we kontent-prowaýder ulgamlarynyň iri halkara operatorlarydyr.

Foruma gatnaşyjy daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi maksat edinýän hyzmatdaşlary bolan Thales Аlenia Space, Nokia, HUAWEI, WNS, Eling, Geedge Networks, Eutelsat, Kazakhtelecom, Tranzit Telecom, AMD, Rostelecom we beýlekiler bar.

Serginiň çäklerinde robotlaryň şagalaňy guralyp, ägirt uly bannerlerde kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda ýokary tehnologiýalaryň gazananlary barada wideoşekiller görkezildi.

Iki günüň dowamynda serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleri hem-de düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkeziler.

Giň gerimli sergide 60-dan gowrak gatnaşyjy aragatnaşyk we telekommunikasiýalar pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen iň möhüm döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň aragatnaşyk düzümleri, olaryň daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlary, şeýle hem beýleki ýurtlaryň kompaniýalary we firmalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen telekeçileri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sergide döwlet edaralary bilen birlikde telekommunikasiýalar we kompýuter tehnologiýalary bazarynda, şol sanda tehniki torlara hyzmat etmek, teleradio ýaýlyma bermek, wideogözegçilik we howpsuzlyk ulgamlarynda üstünlikli iş alyp barýan hem-de yzygiderli ösýän Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň köp sanlysy öz hyzmatlaryny beýan edýärler.

Hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalaryň 30-a golaýy, şolaryň hatarynda Aýdyň Gijeler, Imdat elektronik, Diýarkom, Türkmen Hemrasy, Sitkom, Beýik Ýüpek ýoly, Ýokary tilsimatlar merkezi, Türkmen Akaba ýaly kompaniýalar Türkmenistanyň telekommunikasiýalar, öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakda telekeçileriň goşýan uly goşandyny aýdyň görkezýärler.

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň we Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň diwarlyklarynda myhmanlara hem-de sergä gatnaşyjylara torly we ykjam aragatnaşyk serişdelerinde, telearagatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda maglumatlaryň elektron geçirilişi, milli tele we radio gepleşikleriniň alnyp görkezilişiniň hilini üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň görnüşleri görkezilýär.

Türkmenpoçtanyň diwarlygy bolsa täze hyzmatlary hödürleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kärhananyň ýüzden gowrak şahamçasy işleýär.

Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan diwarlyklar sergide giň meýdançany eýeledi.

Halkara gözden geçirilişe ulag ulgamynyň agentlikleri we pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň gatnaşýarlar.

Ertir — 10-njy noýabrda Türkmentel — 2023 atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlisler görnüşinde öz işini dowam eder. Meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda talyplaryň arasynda geçirilen Sanly çözgüt — 2023 atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy-da bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär
Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny