Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: AstraZeneka kärhanasy tarapyndan öndürilen koronawirus sanjymynyň ulanylmagynyň dünýäniň ençeme ýurdunda bes edilmeginden soň, Germaniýa öz gezeginde sanjymyň ulanylmagyny wagtlaýyn togtatdy.

tagesschau.de: Pasha baýramy golaýlap gelýän günlerinde Ispaniýanyň Maýorka adasyna dynç almaga gelmek maksady bilen rezerwasiýa etdirýän nemes raýatlaryň sany artýar. Germaniýanyň hökümeti bolsa raýatlaryna epidemiýa sebäpli dynç alyş maksatly syýahatlardan saklanmak barada çagyryş berýär.

n-tv.de: Germaniýanyň Volkswagen kärhanasy, elektrik tokda işleýän ulaglarda ulanylýan akkumlýator batareýalarynyň önümçiligi üçin Ýewropada 6 sany fabrik gurmagy meýilleşdirýär.

La Wanguardia, Ispaniýa: Pablo Iglesias, hökümetdäki wezipesinden çekilip Madrid özbaşdak dolanşygyndaky saýlawlarda dalaşgär boldy.

El Pais, Ispaniýa: Ýewropa Bileleşiginde biri-birinden tapawutly ganyň goýalmagy wakalarynyň ýüze çykmagyndan soň, Ispaniýa hem AstraZeneka kärhanasy tarapyndan öndürilen Kowid-19 sanjymynyň edilmegini bes etdi.

Infobae, Argentina: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ýurtlara AstraZeneka kärhanasy tarapyndan öndürilen Kowid-19 sanjymynyň edilmeginiň dowam etdirilmegi barada çagyryş berýär.

Aljazeera: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene beren sözüni ýerine ýetirmäge çagyrdy. Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Siriýadaky söweşi bes etmek üçin 3 aýry ssenariý hödürledi.

Alkudus alarabi: Katýuşa raketalary Yrakda Amerikan esgerleriniň bolan bir bazany nyşana aldy.

Alraýa: Katar, Siriýada hakyky we köptaraplaýyn syýasy geçişiň durmuşa geçirilmegi barada çagyryş berdi.

Le Monde: Pariž sebitiniň ýaňadandan karantin astyna alynmagy meselesi Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony işe girişmäge mejbur edýär.

Le Figaro: Beýik Britaniýa Sowuk söweşden bäri ilkinji gezek ýadro mümkinçiliklerini artdyrar.

Le Parisien: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň saýlaw kampaniýasynda beren sözleriniň ýerine ýetirilmegi üçin wagt golaýlap gelýär.

RIA Nowosti: Russiýa ABŞ-nyň obligasiýalaryna maýa goýumlaryny 6,145 milliard dollara ýetirdi.

Regnum: Russiýada koronawirusyň Günorta Afrikada ýüze çykan mutasiýasy ilkinji gezek 2 adamda gabat gelindi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Mewlüt Çawuşogly Hytaýda saparda bolýar
Hytaý Günbatar Aziýadaky ýurtlaryň işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyny tankytlady
Merkezi Aziýa-Hytaý söwdasy soňky 30 ýylda 100 esse artdy
Amir Abdullahian Hytaýyň Daşary işler ministrini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady
ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi