Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi

Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi

Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan düýn geçirilen metbugat ýygnagynda beýanat beren Wang Wenbine Hytaýyň energiýa bilen birlikde harytlyk bahasy ýokary hilli bolan önümleri satyn almak bilen Russiýa goldaw berip-bermejekdigi bilen bagly soraga Wang Wenbin: "Russiýa bilen ikitaraplaýyn hormat, bähbit we deňlik düzgüniniň esasynda söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýip jogap berdi.

Käbir Günbatar döwletleriniň Russiýany SWIFT ulgamyndan çykarmak barada karar kabul etmegine Hytaýyň nähili garaýandygy bilen bagly soraga jogap beren Wang, halkara hukuga esaslanmaýan birtaraplaýyn häsýetdäki sanksiýalara garşydyklaryny beýan etdi.

Wang, sanksiýalaryň meseläni çözmegiň ýerine täze kynçylyklary ýüze çykarýandygyny, indi ençeme hakykatlar bilen subut edilendigini aýan etdi.

Wang Wenbin, sanksiýanyň diňe düşünişmezçiligi başyndan geçirýän taraplara däl, eýsem degişli bolan ähli taraplara ykdysady taýdan zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda syýasy çözgüt tapgyryna hem ýaramaz täsir ýetirýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

“Turkmentravel 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Çaddaky Dartgynlykda Adam Pidalary Boldy
CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Hytaý: Biz Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýarys
Täze Zelandiýada düşelgede bolan ýer süýşgüninde iki adam ýogaldy, alty adam dereksiz itdi
Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi