ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi

ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Ned Praýs, Ukraina şoş eden halatynda Russiýanyň ABŞ-nyň sanksiýalarynyň täsirlerini azaltmak üçin Hytaý bilen ýakyn gatnaşyk açmagynyň resmi Moskwanyň ykdysady ýitgisiniň öwezini dolmajakdygyny aýtdy.

Gündelik metbugat ýygnagynda Russiýa-Ukraina meselesi hakynda beýannama beren Praýs, Russiýanyň Ukraina çozuş eden halatynda ABŞ tarapyndan agyr sanksiýalara sezewar ediljekdigini ýenede bir gezek nygtady.

Praýs, Russiýanyň şol sanksiýalaryň täsirlerini azaltmak üçin Hytaý bilen ýakyn gatnaşyklar açmaga synanşýandygy hakynda bolsa, Ukrainanyň basylyp alynmagynyň diňe bir onuň özi we Ýewropa üçin däl, eýsem Hytaý bilen birlikde sebitde ýerleşmeýäň ýurtlara hem zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

Praýs, ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň hytaýly kärdeşi Daşary işler ministri Wang Ýi bilen geçiren duşuşygynda Russiýanyň agressiwligi sebäpli ýüze çykjak global howpsuzlyk we ykdysady wehimleriň iňňän uly boljakdygyny aýdandygy, Hytaýyň hem ondan zyýan çekjekdigini ýatladandygyny beýan etdi.

Guralmagy ähtimal hüjümiň iňňän agyr maliýe ýitgileriniň boljakdygyny nygtan Praýs; “Russiýa Hytaý bilen ýakyn gatnaşyk açyp, şol netijeleriniň bir böleginiň öwezini dolmagy, netijeleriň bir bölegini ýeňilleşdirmegi göz öňünde tutýan bolsa, ol beýle däl.

Aslyna seredilende rus ykdysadyýetini birnäçe tarapdan durnuksyzlaşdyrar.Mysal üçin esasy tehnologiýalaryň esasy böleginiň nireden gelýändigine seredilende, olar günbatardan gelýär. Özlerini günbatar bilen işeleşmekden, günbatar bilen- Ýewropadan, ABŞ-dan-import etme ukybyndan mahrum ederler. Önümçilik mümkinçiliklerini we täzelikçi potensiallaryny uly mukdarda azaldarlar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Hytaý bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi
Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi
Amir Abdullahian Hytaýyň Daşary işler ministrini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady
Merkezi Aziýa-Hytaý söwdasy soňky 30 ýylda 100 esse artdy