Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi

Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama göra ministr Wang Ýi, Ukrainanyň başlangyjy boýunça kardeşi Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kuleba telefon söhbetdeşliginde Wangdan Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky birinji tapgyr gepleşikler hakynda maglumat berip, çaknyşyklaryň bes edilmeginiň ýurdunyň esasy meselesi bolup durýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň gepleşikler arkaly çözgüt tapmagyň tarapynda durýandygyny we Russiýa bilen gepleşiklere içginlik bilen çemeleşýändigini, bar bolan şertleriň agyrdygyna garamazdan asudalygyny dowam etdirip, gepleşikleri dowam etdirmek isleýandigini aýdan Kuleba, resmi Kiýewiň aragatnaşgy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny we hüjümleriň bes edilmegi üçin hytaýyň töwellaçylygyna garaşýandygyny beýan etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang bolsa, Ukrainada çaknyşyklaryň başlamagyndan soň gysga möhletde üýtgän şertlere alada bildirip, asuda ilatyň zyýan çekmegine gynanýandyklaryny, Hytaýyň taraplara meseläniň gepleşikler arkaly çözülmegi üçin çagyryş edendigini, syýasy çözgüde goşant goşjak ahli oňyn tagallalary goldaýandygyny aýtdy.

Hytaýyň ahli ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine elmydama sarpa goýýandygyny nygtan Wang, bir ýurduň howpsuzlygynyň beýleki bir ýurda wehim salmaly däldigini, sebitleýin howpsuzlygyň harby bloklaryň giňeldilmegi arkaly üpjün edilmeli däldigini nygtady.

Hytaýyň Daşary işler ministri çaknyşyklar dowam edýärkä ilkinji nobatda dartgynlygyň azaldylmalydygyny we çaknyşyklaryň möwç alyp, gözegçilikden çykmagynyň öňüni alynmalydygyny ünsi çekip, asuda ilatyň zyýan çekmeli däldigini we gumanitar pajyganyň ýüze çykmaly däldigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Hytaý: Biz Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýarys
Täze Zelandiýada düşelgede bolan ýer süýşgüninde iki adam ýogaldy, alty adam dereksiz itdi
Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi
“Turkmentravel 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi