Hytaý bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi

Hytaý bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi

Hytaýyň Daşary işler ministri ukrain kärdeşi bilen geçirilen söhbetdeşlikde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dawany gepleşikler arkaly çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk sebitlerinde orsýetlileri goldaýandygyny aýdyp, Ukraina goşun iberdi. Hytaýyň garaýyşyndan Russiýanyň bu hereketi Günbatar ot ölçermegininiň netijesidir. Waşingtonyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar paýtagtlary Russiýa garşy global sanksiýalary girizmek üçin köp tagalla edýärkä, Hytaý Günbatar tarapyny tutmakdan ýüz öwürdi.

Şeýle şertlerde Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Yi çarşenbe güni ukrain kärdeşi Dmitriý Kolba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

IRNAyň Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp beren habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Yi Kolba bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Hytaýyň syýasy çözgüdi alyp barýan ähli döredijilikli halkara tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Hytaýyň Daşary işler ministri Ukrainadaky parahat ilata ýetirilen zyýandan alada bildirdi.

Kolba bu söhbetdeşlikde Ukrainanyň esasy meselesiniň Russiýa bilen urşy bes etmekdigini aýtdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministri şeýle-de haýal etmän ot açyşlygyň bes edilmegi üçin Hytaýyň töwellaçylygyna umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Hytaý: Biz Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýarys
Täze Zelandiýada düşelgede bolan ýer süýşgüninde iki adam ýogaldy, alty adam dereksiz itdi
Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi
“Turkmentravel 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi