2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan guralan Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mirasyň we medeniýetiň baýramy atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygary mynasybetli guraldy.
Açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, ylmy we medeniýet wekilleriniň, işewür toparlaryň, türkmen talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.
Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi.Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.
