Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Hakan Fidan Montrýo konwensiýasy bilen bagly beýanat berdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Gara deňizde asudalygy goramagyň we oňa howp abandyrjak synanyşyklaryň öňüni almagyň esasy ileri tutulýan ugurlarydygyny aýdandygyny habar berýär.

Hakan Fidan Montrýo bogaz konwensiýasyny jikme-jik ýagdaýda durmuşa geçirmäge dowam etjekdikleirini belläp: "Bu mesele jedelleşilmeginden hem öte, akyldan hem geçirilmesin" diýip nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: "Terror guramalaryna garşy bir ýylda 28 müňden gowrak operasiýa" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 2023-nji ýylda terror guramalaryna garşy 28 müň 315 operasiýa geçirilendigini, operasiýalarda 923 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny beýan edýär.

Star gazedi: "Ýewropa ýurdundan Türkiyä Baýraktar TB2 bilen bagly teklip" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Rumyniýa saparyndan ozal Türkiyäniň tehnologiýa täsinligi Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy barada ünsleri özüne çeken beýanat berilendigini mälim edýär.

Türkiyäniň Buharest şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Özgür Kywanç Altan: "2023-nji ýylda Rumyniýa 18 sany ýaragly uçarmansyz howa ulagymyzy, Baýraktar TB2-ni satyn aldy.Rumyniýanyň bu önümleri bilelikde öndürmek barada talaby bar" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "Türkiye geçen ýyl 70 ýurda eksport etmekde rekord goýdy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Söwda ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, eksportyň Respublikanyň 100-nji ýylynda 255,8 milliard dollar bilen rekord derejä ýetendigi ýatladyldy.

Global eksportdan alynan paýyň 2002-nji ýylda 0,55 göterim bolandygy ýatladylan beýanatda, şol paýyň 2022-nji ýylda 1,02 göterim, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda 1,06 göterim derejesine çenli ýokarlandygy mälim edildi.

Geçen ýyl 240-dan gowrak ýurda we gümrük sebitine 12 müň 886 önümiň ýetirilendigi we şol ýurtlaryň 70-sine taryhyň iň ýokary eksporty amala aşyryldy.

Hürriýet gazedi: "THÝ-na bir wagtyň özünde 3 sylag" söz başyly habarynda, Türk Howa Ýollary kärhanasynyň Dublin şäherinde geçirilen "Airline Economics Aviation 100" sylaglama dabarasynda, "Ýylyň Ylalaşygy", "Ýylyň JOLKO maliýesi" we "Ýylyň Ätiýaçlandyryş kepillikli maliýesi" sylaglaryna laýyk görülendigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny