Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär

Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär

Meşhur türk aşpezi Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmak isleýändigini aýtdy. Ol muny 26-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewür forumynda mälim etdi.

Işewürlik forumy Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Bileleşiginiň Merkezi edarasynda geçirildi. Onuň netijesinde, gurluşyk materiallaryny öndürmek, oba hojalygy, azyk senagaty, enjam satyn almak we ş.m. ýaly dürli ugurlarda birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

CZN Burak ady bilen has meşhur Burak Özdemir sosial mediýada aşpezlik şowhunyny döretdi.Ol ajaýyp tagamlary we özüne çekiji ýylgyryşy bilen meşhur boldy.Ol esasy ünsi menýunyň dürlüligine jemläp, bäsdeşlerinden tapawutlanmagyň ýoluny tapdy.

Onuň uly tabaklarda äberilýän tagamlary has ýatda galyjy.Ol iki metrlik kebap we tutuş maşgala üçin niýetlenen gamburgerleri bilen myhmanlary geň galdyrdy.Häzirki wagtda onuň BAE-de, Täjigistanda we Katarda restoranlarynyň şahamçalary işleýär.

Onuň kärhanasyna gelenleriň arasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azalia, futbolçy Kriştianu Ronaldu we garyşyk söweş sungaty söweşijisi Habib Nurmagomedow ýaly dünýäniň meşhur adamlary bar.

Ýene degişli makalalar

CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär