Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy

Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy

22-nji oktýabrda Abu Dabide (BAE) geçirilen UFC 280 söweş agşamynyň esasy tutluşygynda dagytsanly Islam Mahaçýew (22-1) braziliýaly Çarlz Oliweýrany (33-8) ýeňlişe sezewar edip, ýeňil agram derejesinde boş duran çempionlyk guşagyna eýe çykdy.

Tutluşygyň ikinji raundynda Mahaçýew wagtyndan öň gapma-garşylygyň ykbalyny öz peýdasyna çözmegi başardy. Şeýlelikde, Mahaçýewiň bassyr 11-nji ýeňşi Oliweýranyň 11 ýeňişden ybarat şowly ýörişiniň tamamlanmagyna sebäp boldy.

Ýeri gelende bellesek, 31 ýaşly Islam Mahaçýew Petr Ýan we Habib Nurmagomedowdan soňra UFC-de çempionlyk guşagyna mynasyp bolan üçünji russiýaly türgen hökmünde taryha girdi.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
UFC 280-e gatnaşyjylaryň agramlary çekildi
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy