Burkino-Fasoda Buthanada Guralan Hüjümde 15 Adam Ýogaldy

Burkino-Fasoda Buthanada Guralan Hüjümde 15 Adam Ýogaldy

Afrika ýurtlaryndan Burkino-Fasoda buthana guralan hüjümde 15 adam ýogaldy.

Dori katolik buthanasyndan berlan ýazmaça beýannamada, Saher sebitiniň Seno etrabynyň Essakane obasynda ýerleşýän buthana ýekşenbe güni şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Buthanada dini dabaranyň geçirilýän pursatlarynda guralan hüjümde 15 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Burkino-Fasoda 2015-nji ýyldan bäri dowam edýän howpsuzlyk krizisi sebäpli 2 milliondan gowrak adam öýlerini terk etdi.

Hökümetiň görkezijilerine görä, şol adamlardan diňe 120 müňi öýlerine dolandy.

Premýer-ministr Tambela, geçen ýyl ýurduň territoriýasynyň 65 göteriminiň döwletiniň gözegçili astyndygyny aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Burkino-Fasonyň paýtagtynda Gogolyň Derňewçisi sahnalaşdyryldy
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Russiýa Afrika Ýurtlaryna Muzdsuz Galla Berdi
Türkiye Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Abu-Dabidäki belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy