Burkino-Fasonyň paýtagtynda Gogolyň Derňewçisi sahnalaşdyryldy

Burkino-Fasonyň paýtagtynda Gogolyň Derňewçisi sahnalaşdyryldy

Burkino-Fasonyň paýtagty Uagadugu şäherinde ýerli artistler rus ýazyjysy Nikolaý Gogolyň Derňewçi atly meşhur komediýasyny sahnalaşdyrdylar. Sahna eseri ýerli tomaşaçylar üçin düşnükli bolar ýaly, milli äheňlerde goýuldy diýip, Izwestiýa habar berýär.

Ýagny artistler milli egin-eşiklerde çykyş etdiler, mysal üçin, Gorodniçiý ýerli milli eşik bolan giň köýnekli we başgaply çykyş etdi.

Tomaşaçylar teatr sahnasyny dowamly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Gogoly Afrikada-da tanaýarlar we söýýärler diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Burkino-Fasoda Buthanada Guralan Hüjümde 15 Adam Ýogaldy
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Türkiye Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Abu-Dabidäki belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 35 Adam Ýogaldy