Türkiyäniň taryhy şäherlerinden biri bolan Bursa bilen ady baglanyşykly bolan "Döner Kebap", Bursanyň Söwda we Senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taydan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.
Bursa Döner Kebabyny taýýarlamak üçin, ownuk we iri şahly mallardan alynan et we üwelen et, marinowka edilmän we hoş boý ysly otlar goşulman 2-3 gün saklanýar.Demini alan we az mukdarda duz goşulan etiň bölekleri, ýokarydan aşak tarap boljak görnüşde döner çişe düzülýär we dub agajyndan alynan kömür odunda bişirilenden soň gaty inçe dilimler görnüşinde kesilýär.
Döneriň bişirilmegi tapgyrynda odyň gaty bolmazlygy we eti ýakmazlygy iň köp üns berilmeli zatdyr.Bişen et, ýörite taýýarlanan pide çöreginiň bölekleriniň üstüne goýulýar we gyzgyn sary ýag guýlup, hödür kerem edilýär.
Bursa döner kebabynda etiň ýag derejesi iň köp 25 göterim bolmalydyr.Pide çöregi bolsa kebabyň etiniň ýagy bilen ýaglanýar, otda ýeňil görnüşde gyzardylýar we kiçijek böleklere bölünýär.Nahar el ýakmajak derejede gyzgyn, giň we ýasy farfor ýa-da metal tabakda hödürlenýär.
Islege laýyklykda ýany bilen ýogurt, pomidor sousy, közde bişirilen burç, dilimlenen pomidor hödür kerem edilip bilinýär.Taryhy 1800-nji ýyllaryň ortasyna çenli uzap gidýän Bursa Döner Kebaby hem şäheriň hem-de Türkiyäniň aşhana medeniýetinde möhüm orna eýedir.
