Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi

Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi, Ýewropa ýurtlarynyň Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin Ysraýyla basyş etmegini isledi.

Müsiriň resmi habarlar gullugy MENA-nyň berýän habaryna görä, Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmeýer 25 ýyl soň Müsüre baran Germaniýanyň ilkinji prezidenti boldy.

Prezident Sisi bilen Germaniýanyň Prezidenti Ştaýnmaýer duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Sisi Germaniýa kärdeşi bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygyny nygtady.

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerine ünsi çeken Sisi, Ýewropa ýurtlarynyň Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin Ysraýyla basyş etmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Sisi, ýurdunuň ABŞ we Katar bilen durnuklylygyň ýola goýulmagynyň we Gazada hüjümleriň bes edilmeginiň üstünde işleýändigini ýatlatdy.

Ysraýylyň ABŞ-nyň goldaw bermeginde 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 16 müň 715-i çaga, 11 müň 308-i zenan bolmak bilen 41 müňden gowrak palestinaly ýogaldy, 95 müňe golaý adam hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Fransiýada ýylyň iň yssy güni, italiýan adalarynda rekord
Italiýa, Tebigy Apatlara Garşy Göreşýär
Müsüriň Prezidenti Sisi Amerikaly Wekiliýeti Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi