Italiýa, Tebigy Apatlara Garşy Göreşýär

Italiýa, Tebigy Apatlara Garşy Göreşýär

Italiýanyň demirgazgynda aşa köp ýagýan ýagyşlar siliň gelmegine sebäp boldy, günortadaky Sisilýa adasy bolsa tokaý ýangynlaryna garşy göreşýär.

Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurduň demirgazygynda sowuk we ygally howa höküm sürýär.

Lombardiýa we Pýemont sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Milan, Genuýa we Triýest şäherlerinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli käbir köçeler suwyň aşagynda galdy.

Ýurduň demirgazygynda käbir gara ýollary ýagyşlar sebäpli gatnawa ýapyldy.

Fransiýa-Italiýa serhediniň Fransiýa tarapynda ýer süýşmesi sebäpli iki ýurduň arasyndaky otly saparlary wagtlaýyn bes edildi.

Beýleki tarapdan Sisilýa adasynyň günbataryndaky tokaý ýangynlary gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Adanyň günbatarynda Trapani we Palermo şäherleriniň arasynda başlan ýangynlar sebäpli ýaşaýyş jaýlary ýandy.

Ýangynlar sebäpli syýahatçylyk zolagyndaky 200-e golaý syýahatçy deňiz ýoly arkaly halas edildi.

Ýangynlar gözegçilik astyna alyndy.

Ýene degişli makalalar

Etna wulkanynda partlama boldy
Fransiýada ýylyň iň yssy güni, italiýan adalarynda rekord
Müsüriň Prezidenti Sisi Amerikaly Wekiliýeti Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi