Buýsanjymyz ak şäherimiz Aşgabat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän sungat eserlerini, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 20-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Buýsanjymyz ak şäherimiz Aşgabat!

atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.Döredijilik duşuşygyna Türkmendemirýollary agentliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň şahamçasynyň Altyn menzil aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, aýdymçy Myrat Işangulyýew, Türkmenistan gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa şahyr Akmyrat Hojanyýazow, Edebiýat we sungat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Kerimberdi Hakberdiýew dagy gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bilelikde Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyny, ähli ugurlarda göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Aşgabat bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp şäheridir.Ak şäherimizde gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär.Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylaryna sowgat edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, paýtagtymyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda edilýän çäksiz aladanyň miwesidir.Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler, Aşgabadyň görküne görk goşsa, gijeki täsin yşyklary ony has-da gözelleşdirýär.

Ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäherimiziň güni her ýylyň 25-nji maýynda giňden dabaraly bellenýär.Aşgabady söýmek Watany söýmek, Watany söýmek Aşgabady söýmek.

Ak şäherimiz Aşgabat eziz Watanymyzyň ýüregidir - diýip nygtadylar.Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde nusgalyk işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar.Beýik, owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollar, ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bolan ak mermerli paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň merjenine öwrüldi. Şunda gurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri giň gerimli alnyp barylýar. Ýurdumyzda önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly örän köp desgalardyr binalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Aşgabat agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň merkezine öwrülýär diýip çykyş edenler bellediler.Buýsanjymyz ak şäherimiz Aşgabat!atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ady äleme ýaň salýan gözel Aşgabadymyzyň waspyny belentden ýetirdi.

Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň nusgalyk şäherine öwren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda