Býujet işgärleri milli eşikde Nowruz çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär

Býujet işgärleri milli eşikde Nowruz çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär

Şu günler Mary welaýatynda Nowruz baýramy mynasybetli köpçülik çäreleri geçirilip, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edilýär. Býujet işgärlerinden bu çärelere milli lybaslarda gatnaşmak talap edilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji martda sebitden maglumat berdi.

Her bir edara-kärhanada azyndan 10 sany milli egin-eşik elmydama taýýar durmaly diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bir gyňajyň bahasy pesinden 200 manat, köýneklik keteniniň bahasy 200 manat, şap-sepleriň iň arzany 100-200 manat aralygynda, köwüşler 100 manatdan bahalanýar.

Erkek adamlar 200 manat töläp silkme telpek, 400-500 manat aralygynda pul töläp milli donlary satyn almaga mejbur bolýarlar. Milli egin-eşiklere çykarylýan harajatlaryň umumy bahasy 2 müň 3 müň manatdan aşýar.

Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri Türkmenistanda köplenç ýaýlalarda gurnalýar. Mary welaýatynda býujet işgärleri çäräniň geçirilýän ýerine barmak üçin, ýol kireýlerini öz jübülerinden tölemeli bolýarlar.

“Eger barjak ýeriň ýakyn bolsa 20 manat, eger uzagyrak bolsa 50-60 manat ýol kireý tölemeli bolýar” diýip, maryly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Çärelere her bir edaradan 4-5 işgär milli eşikde gatnaşmaly bolýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gatnaşyjylardan uzak wagtlap aýak üstünde durmaklyk talap edilýär. Dik aýak üstünde çärelere gatnaşýan adamlar döwlet telewideniýesiniň işgärleri tarapyndan wideo düşürilýärler.

Döwlet telewideniýesi baýramçylyk günlerinde ýurduň dürli künjeklerinde geçirilýän köpçülik çärelerinde şatlanýan adamlary görkezýär.

Şu günler musulmanlaryň agyzlaryny bekleýän Remezan aýy dowam edýär. Köpçülik çärelerine çekilýän agzy bekli raýatlar günuzyn dik aýak üstünde durup, ýadaýandyklaryny aýdýarlar.

“Käbir adamlaryň agyzlary bekli, olar uzakly gün aýak üstünde durmaly bolýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, gatnaşyjylar çäreleriň dowamynda guramaçylaryň özlerine gödek daraşýandygyny aýdýarlar.

“Olar adamlaryň ýüzüni alyp gürleşýärler, kemsidýärler” diýip, býujet işgäri aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetler mejbury çäreleri “medeni çäreler” atlandyryp, olaryň ýokary ruhubelentlikde geçirilýändigini aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesi baýramçylyk günlerinde aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryny görkezýär. Şatlanyp el çarpýan adamlar görkezilýär. Media serişdeleri bu pursatlary adamlaryň bagtyýar durmuşyna subutnama hökmünde hödürleýär.

Ýöne köpçülikleýin habar beriş serişdeleri raýatlaryň çärelere mejbury çekilmegi, olara milli egin-eşikleriň mejbury satyn aldyrylmagy hem-de çäreleriň dowamynda olara guramaçylar tarapyndan gödek daralmagy barada habar bermeýär.

Türkmenistanda ýygy-ýygydan gaýtalanýan baýramçylyk günlerinde köplenç býujet işgärleri, galyberse-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, mekdep okuwçylary hatda çagalar baglaryna gatnaýan körpeler mejbury köpçülik çärelerine çekilýärler.

Buýjet işgärleri we talyplar şeýle çärelerde tomaşaçynyň roluny hem ýerine ýetirmeli bolýarlar. Käbir gatnaşyjylaryň ellerine baýdak tutdurylýar.

Ýurtda ulanylmaga berilýän täze desgalaryň açylyşynda hem şeýle çäreler mejbury geçirilýär. Bu çäreler soňra döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Adamlar döwlet telewideniýesi arkaly şeýle çärelere tomaşa etmegi içgysgynç hasaplaýarlar.

“Bu çärelere hiç bir işgär öz razyçylygy bilen, meýletin gatnaşmaýar” diýip, maryly býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Baharyň baş baýramynyň dabaralary
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar