C5+1 köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik

5-nji noýabrda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda C5+1 köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorlary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Kabul edişligiň dowamynda C5+1 formatynyň döredilmeginiň şanly senesine bagyşlanan şu taryhy wakanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky sebitara gatnaşyklary, köpugurly hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar
Rubio Hazarüsti geçiriji taslamasynyň ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine gabat gelýändigini aýdýar
ABŞ-nyň Dini azatlyklar komissiýasy: Türkmenistan dini azatlygy bozmagyny dowam etdirýär
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy