Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär

Türkiýäniň kenarýaka Antalýa şäherinde 17-nji gezek geçirilýän Çägeden heýkel ýasamak festiwaly 1-nji maýda açylýar.BU ýylky festiwalyň temasy kosmosa bagyşlandy. “Kosmos başdangeçirmeleri” ady bilen geçirilýän çärä daşary ýurtdan 15 heýkeltaraş gatnaşýar.

Heýkelleri ýasamak üçin 10 müň tonna çäge getirilipdir. 7 müň inedördül kilometr meýdan ýaýbaňlandyrylýan çärede 100-den gowrak heýkel ýasalar.Heýkelleriň arasynda Leonardo Da Winçiniň kosmos bilen bagly çyzgylary, italýan astronom Galileo Galileýiň, sowet kosmonawty Ýuri Gagariniň, Aýa ilkinji aýak basan Neýl Armstrongyň heýkelleri, şeýle hem kosmos gämileriniň şekiller bar.

Bu heýkeller uludan-kiçi hemmäniň ünsüni çekýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä habarlary gysga setirlerde
Kicijik hekaýalar
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Alaňlaryň aýdymy
Ekologiýa we telekeçilik: telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmegi özleşdirdiler
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy