ÇAGALAR GURJAK TEATRY WE KITAP OKAMAGYŇ ÄHMIÝETI

1991-nji ýyldan bäri Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň ýanynda hereket edýän çagalar gurjak teatry tarapyndan ertekili kitaplaryň wakalary esasynda sahnalaşdyrylýan gurjak oýunlarynyň ösüp gelýän ýaş nesliň, entek harpy hem tanamaýan körpejeleriň kalbynda kitaby okamaga bolan höwesi oýarmakdaky ähmiýeti juda uly.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabyndan Öl agajy döwmegin degmedige degmegin şonuň ýaly-da Ýagşylyk et senden ýagşy at galar, Jüýjeler, Il saglygy-ýurt baýlygy, Dur bakaly hem-de türkmen halk döredijilik eserlerinden taýýarlanan Leýran ýaly gurjak oýunlarynyň görkezilmegi körpeler üçin iň bir gyzykly sahna eserlerine öwrüldi. Şular ýaly täsirli gurjak oýunlarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär. Özüne çekiji gurjaklary merkezi kitaphananyň işgärleriniň özleri bejerip, özleri oýnadýarlar. Ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp etrabyň baýramçylyk meýdanlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda guralýan çäreleriň dowamynda görkezilýän gurjak oýunlar körpe okyjylar tarapyndan uly höwes bilen garşylanýar. Şeýle çäreleriň guralmagy çagalaryň sözleýşiniň ösmegine millilige bolan buýsanjynyň artmagyna dostluk we agzybirlik terbiýesiniň berkidilmegine, iň esasy zat hem kitaba bolan söýginiň artmagyna ýardam edýär.

Annatuwak KAKAÝEWA Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ 109-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
Miras halkymyzyň ruhy hazynasy
YSRAÝYLLY BIKANUN ÝAŞAÝJYLAR PALESTINLILERE HÜJÜM ETDI, ÖÝLERI WE ULAGLARY ODA BERDI
SIL SEBÄPLI GAZADAKY BOSGUN ÇADYRLARY WE GÖÇME HASSAHANALAR SUWYŇ AŞAGYNDA GALDY
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY M.MIŞUSTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA ORAZA BAÝRAMY WE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
TURKMENTRAVEL - 2026 ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER