TURKMENTRAVEL - 2026 ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda Turkmentravel - 2026 atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Turkmentravel - 2026 atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna Halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrlikleriniň, syýahatçylyk we myhmanhana ugry boýunça hünärmenleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň, olaryň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu geçiriljek halkara derejesindäki sergi we maslahat geljekde, Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge uly ýardam berer.Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

WENESIÝA BIENNALE YSRAÝYLYŇ GATNAŞMAGYNA GARŞY PROTESTLER SEBÄPLI ÇÄKLENDIRILDI
KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI
SIL SEBÄPLI GAZADAKY BOSGUN ÇADYRLARY WE GÖÇME HASSAHANALAR SUWYŇ AŞAGYNDA GALDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ SYÝASY MESELELER WE PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
YSRAÝYLYŇ HARBY GÜÝÇLERI DAUN SINDROMLY ÇAGA HÜJÜM ETDILER WE ONY TUSSAG ETDILER