9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi.Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Hoş owazly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zähmet üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan giň möçberli işleri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan gazeti
