Çagalar we ýetginjekler TikTok-da YouTube-a garanyňda has köp wagt geçirip başladylar. Bu barada Qustodio kompaniýasynyň gözlegine salgylanyp, “TechCrunch” internet neşiri habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. TikTok ilkinji gezek 2020-nji ýylyň iýun aýynda 4 18 ýaş aralygyndaky ulanyjylaryň arasynda bir günde ortaça görüş wagty boýunça YouTube-dan öňe geçdi.
Çagalar TikTok-a günde ortaça 75 minut, YouTube-a bolsa 64 minut seretdiler. Şondan bäri TikTok ýaş ulanyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirilýän wideo platformalaryň arasynda lider bolmagy dowam etdirýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli TikTok-yň görkezijisi ep-esli ýokarlanyp, bir günde 91 minuta ýetdi. Şol bir wagtyň özünde YouTube-da pese gaçyş hasaba alynýar 56 minut.
Global maglumatlar ene-ata gözegçiligi üçin programma üpjünçiligini öndüriji Qustodio tarapyndan ýygnaldy we seljerildi.Gözlegde 400 müň maşgaladan alnan maglumatlar gözden geçirildi.Qustodio-nyň maglumatlaryna görä, 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar bilim programmalary bilen bir hatarda internete günde ortaça 4 sagat sarp edýärler. 2021-nji ýylda tutuş dünýä boýunça çagalar we ýetginjekler Disney+ akym wideo serwisi üçin günde 47 minut, Netflix 45 minut, Amazon Prime 40 minut, Hulu 38 minut, Twitch 20 minut sarp etdiler.
